11/16/2024
15
Ýokarysy açyk «Bugatti Mistral» tizlik boýunça dünýä rekordyny goýdy
«Bugatti» kompaniýasy üsti açyk tapgyrly awtoulaglar üçin iň ýokary tizlik boýunça täze rekordy goýdy. Papenburgdaky synag ýolunda ýörite ýasalan «Mistral rodster» awtoulagy haýran galdyryjy tizligi gazandy, ol sagatda 453.91 kilometr tizlige ýetýär. Esasy bellemeli zat, rekord eýýäm satylan awtoulagda amala aşyrylyp, onuň eýesi munuň üçin 14 million ýewro töläpdir – diýip, auto.ru saýty habar berýär. «Bugatti» üçin bu şunuň ýaly ilkinji üstünlik däldir. 2013-nji ýylda kompaniýanyň «Veyron Grand Sport Vitesse» modeli sagatda 408.8 km tizlik bilen rekord goýupdy. Soňra liderlik «Hennessey» kompaniýasyna geçýär, onuň «Venom GT Spyder» awtoulagy sagatda 427 km tizligi görkezýär. Häzir bolsa fransuz ulag öndürijisi iň ýokary tizlikli üsti açyk giperkaryň döredijisi diýen adyny yzyna gaýtaryp almagy başardy. Rekord Germaniýanyň ýokary abraýly «SGS-TÜV» guramasynyň bilermenleri tarapyndan tassyklanyldy. Esasy bellemeli zat, adatça rekordyň resmi ykrar edilmegi üçin awtoulagyň garşylykly ugurlarda iki gezek sürülmegi we ortaça görkezijiniň hasaplanmagy talap edilýär. Emma şu ýagdaýda kompaniýa diňe «Mistralyň» bir tarapa sürülenliginiň netijelerini görkezdi.