11/1/2024

109

Koreýaly hünärmenler özbaşdak hereket edýän ulag serişdesi üçin akylly tekerleri döretdiler

Koreýanyň «BANF» innowasion kompaniýasy sürüjisiz awtoulaglaryň howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin täze çözgüt hödürledi. Kompaniýa emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan akylly tekerlere gözegçilik etmek ulgamyny işläp taýýarlady — diýip, «Rambler» saýty habar berýär. Täze tehnologiýa tekerleriň esasy görkezijileri bolan: basyşy, temperaturany, protektoryň sandan çykmagyny we berkidiji elementleriň ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklaýan görkeziji abzallaryň toplumyny öz içine alýar. Toplanan maglumatlar tigir arkasynyň içinde oturdylan ýörite mini-kompýuter tarapyndan işlenilýär we soňra ol ulag serişdesiniň operatoryna iberilýär. Hemişe ulanylýandygy sebäpli aşa ýokary agramlara sezewar bolýan sürüjisiz ýük ulaglary üçin bu işläp taýýarlama aýratyn ähmiýete eýe bolýar. «BANF» kompaniýasynyň wekili Ron Liniň sözlerine görä, kompaniýa eýýäm «Volvo Group», «Hyundai Motor Group» we «DHL» ýaly öňdebaryjy awtoulag öndürijileri we logistika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi ýola goýdy. Häzirki wagtda 123 sany ýük ulagy şunuň ýaly akylly tekerler bilen enjamlaşdyrylandyr.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar