4/15/2025

24

АWTOWAZ-yň robotlaşdyrylan toplumy Lada Iskra ulagynyň önümçiligini üpjün eder

AWTOWAZ-da Lada Iskra awtoulagynyň kuzowlaryny öndürmek üçin niýetlenen häzirki zaman kebşirleýiş önümhanasy ulanyşa girizildi. Täze önümçilik hatarynyň kuwwaty sagatda 30 kuzowa çenlidir – diýip, drom.ru saýty ýazýar. Önümçilik toplumynyň meýdany 40 müň inedördül metr bolup, 17 awtomatik önümçilik hataryna birleşdirilen 112 senagatçylyk roboty öz içine alýar. Bu robotlar dürli agramdaky ýüki göterip bilýänligi (125-350 kg) sebäpli 4800-den gowrak kebşirleýiş operasiýalaryny, şeýle hem flansirleme we detallary geçirmek boýunça işleri ýerine ýetirýärler. Önümhanada işçileriň we inženerleriň 700-si zähmet çekýär. Lada Iskra ulagynyň önümçiligindäki awtomatlaşdyrma derejesi 37% bolup, ýolbaşçylaryň pikiriçe, bu ýylda 120 müň awtoulag önümçilik meýilnamasy üçin ykdysady taýdan maksada laýykdyr. Deňeşdirmek üçin, Lada Granta ulagynyň önümçiligindäki ýokary awtomatlaşdyrma derejesi (85%) has uly meýilleşdirilen möçber (ýylda 220 müňe çenli) bilen şertlendirilendir. Lada Iskra awtoulagynyň tapgyrlaýyn önümçiligine 19-njy aprelde badalga berilmegine garaşylýar.

4/18/2025

Türkmenistanda X-Road platformasynyň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar

4/18/2025

«Ýylyň bütindünýä awtoulaglary» yglan edildi

4/18/2025

Türkmenistan Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýa degişli teswirnama goşulýar