10/26/2024
25
Halkara awtoulag ýollarynyň ugrunda 70 sany ýol infrastruktura desgasy emele geler
Ýol örtüginiň çalt sandan çykýandygy sebäpli ýük ulaglary üçin agram ölçeýji toplumlaryň gurulmagy tabşyryldy. Ozal «Spot» neşiriniň habar berşi ýaly, 16-njy oktýabrda Şawkat Mirziýoýew ýol hojalygy we ileri tutulýan wezipeler boýunça edilmeli işler bilen tanyşdy. Prezident Özbegistanda tölegli ýollaryň gurluşygyny çaltlandyrmagy tabşyrdy. Döwlet aktiwlerini dolandyrmak agentliginiň direktory Akmalhon Ortikow «O'zbekiston 24» teleýaýlymy bilen söhbetdeşliginde respublikan we halkara ähmiýetli awtoulag ýollarynyň ugry boýunça hyzmat ediş nokatlarynyň we ýangyç guýýan beketleriň gurluşygy üçin 500-den gowrak «master-plan» meýilnamalarynyň bäsleşige goýlandygyny habar berdi. Hususan-da, 200 taslama boýunça auksion-bäsleşikler geçirildi we degişli işler başlandy. «Ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatyň çäklerinde halkara ähmiýetli ýollaryň ugrunda görnüş taslamalarynyň esasynda 70-e golaý täze ýol infrastruktura nokatlaryny döretmek meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýakyn wagtda biz olary durmuşa geçirmäge başlarys» — diýip, Döwlet aktiwlerini dolandyrmak agentliginiň baştutany gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Döwlet aktiwlerini dolandyrmak agentligi Awtomobil ýollary boýunça komitet we häkimlikler bilen bilelikde taslamany, şol sanda «ýakyn günlerde» tabşyrylmagy meýilleşdirilýän Kungrad - Beýnew ugry boýunça 240 km uzynlykdaky ýol bölegini hem «mümkin boldugyça çalt» durmuşa geçirmäge başlar. Awtomobil ýollary boýunça komitetiň başlygy Jemşid Tursunow prezidentiň «raýatlarda ýollardan peýdalanmak medeniýetini kemala getirmek» baradaky tabşyrygy hakda habar berdi. Ýol infrastrukturasy halkara standartlaryna laýyklykda gurulýan hem bolsa, ýük ulaglary sebäpli ýollaryň has çalt hatardan çykýandygyny ol nägilelik bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda ýörite agram ölçeýji toplumlarynyň gurulmagy, degişli edaralara bolsa - ýollardan peýdalanmak medeniýetini ösdürmek boýunça çäreleri geçirmek tabşyryldy. Mundan başga-da, ol ýollaryň ugrunda ýol belgileriň guruljakdygyny, pyýadalar we welosipedçiler üçin amatly şertleriň dörediljekdigini, şeýle hem bagy-bossanlygyň emele gelmegine aýratyn üns beriljekdigini belledi.