6/20/2025

16

Baku şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly simpozium geçirildi

18-nji iýunda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkeziniň bilelikde guramagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň köpugurly hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler we geljekki mümkinçilikler» atly halkara ylmy-amaly simpozium geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi. Simpoziuma Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Şarifow, Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkeziniň başlygy F.Şafiýew, Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Ş.Şiriýew, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi G.Elýasow, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň deputaty we Türkmen-Azerbaýjan Parlamentara dostluk toparynyň azerbaýjan böleginiň ýolbaşçysy T.Rustamhanly, şeýle hem ýerli deputatlar, bilermenler we habarçylar gatnaşdylar. Çykyş edenler dünýädäki häzirki geosyýasy çylşyrymly ýagdaýda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy, sebitleýin we ählumumy howpsuzlygy, şeýle hem durnuklylygy berkitmekdäki ornuny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara diplomatiýasyny alyp barmak üçin netijeli gural bolup hyzmat edýändigini bellediler.

6/21/2025

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek baradaky Karara gol çekdi

6/21/2025

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

6/21/2025

Türkmenistanyň Prezidenti kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady