
6/18/2025
21
2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap Slowakiýada ýük awtoulaglaryň geçmegi üçin tölegleriň tertibi üýtgedilýär
Slowakiýa ýewro-winýetka boýunça täzelenen ÝB-niň direktiwasynyň çäklerinde ýük awtoulaglaryň geçmegi üçin täze ýol töleg ulgamyny girizýär – diýip, logirus.ru neşiri habar berýär. Bu täze töleg ulgamy üç esasy düzüm bölegi öz içine alýar: Ýol infrastrukturasyny ulanmak üçin töleg; CO₂ gazlarynyň zyňyndylary üçin töleg; Howanyň hapalanmagyna sebäp bolýan zyňyndylar üçin töleg (azot oksidleri we bölejikler). Bu täze düzgünler 3,5 tonnadan agyr bolan ulag serişdelerini öz içine alýar. 12 tonnadan agyr awtoulaglar üçin oklarynyň sany hem hasaba alnar. Tölegleriň mukdary ekologiki synpa we zyňyndy derejesine bagly bolar, ýöne agramy 12 tonnadan geçmeýän ulag serişdeleri üçin oklaryň sany hasaba alynmaz. Ähli ulaglar ilki bilen CO₂ zyňyndylarynyň 1-nji synpyna (iň hapa) girýär. 2019-njy ýylyň 1-nji iýulyndan öň hasaba alnan ulaglar we M2/M3 derejeli awtobuslar üçin ulagyň synpyny üýtgetmek asla mümkin bolmaz. Beýleki ulaglar üçin bolsa 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap degişli resminamalar bilen ýüz tutup bolar. Tölegli ýollar autobanlary, I synply ýollary we II-III klas ýollary käbir böleklerini öz içine alýar. Bu özgertmeler ÝB-niň ekologiýa syýasatyna laýyklykda girizilýär.