10/25/2024

29

Kuryk portunda däne terminaly işläp başlady

Kuryk portundaky (Gazagystan) «Sarža» däne terminalyndan ilkinji däne ýüklenişi amala aşyryldy. Bu barada taslamanyň işläp düzüjisi we terminalyň operatory bolan «SEMURG INVEST» kompaniýasy «SeaNews» neşirine habar berdi. Terminalyň birinji tapgyrynyň geçirijilik ukyby ýylda 240 müň tonna barabar bolup, ol taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen ýylda 1,5 million tonna çenli däne geçirmäge mümkinçilik berer. Operatoryň belleýşi ýaly, «Sarža» Köpugurly deňiz terminalynyň däne terminaly Orta geçelgesiniň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar, sebäbi ol Hazar deňzi arkaly däne geçirmek we eksport etmek mümkinçiliklerini ep-esli giňelder, ýük gatnawlary ugrunyň ulag netijeliligini ýokarlandyrar hem-de ýük dolanyşygyny artdyrar. «SEMURG INVEST» kompaniýasy häzirki wagta çenli hyzmatdaşlary bilen bilelikde 16 km uzynlykda öz demir ýollaryny, iki gämi duralgasy, umumy ýükler terminalyny we däne terminalynyň birinji tapgyryny, şeýle hem wagtlaýyn saklamak ammary we TIR duralgasyny gurdy. «Sarža» köpugurly deňiz terminalynyň gurluşygynyň taslamasynyň çäklerinde birnäçe terminalyň dikeldilmegi meýilleşdirilýär, şol sanda ol ýerde suwuk ýükleriň guýulýan terminaly we uniwersal terminal, şeýle hem ulag-logistika toplumy bolar. «SEMURG INVEST» kompaniýasynyň baş direktory Nuržan Marabaýewiň belleýşi ýaly, «Sarža» köpugurly deňiz terminalynyň ähli terminallarynyň 2030-njy ýyla çenli gurluşygynyň tamamlanmagy Orta geçelgäniň geçirijilik ukybyny ýylda 11 million tonna artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem ol 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap umumy ýükler terminalynyň operasiýa işine başlandygyny gürrüň berdi. Häzirki wagtda «Sarža» köpugurly deňiz toplumy arkaly metallar, dökünler we däne ýaly ýükler geçirilýär. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda portuň akwatoriýasynda 2024-nji ýylyň ahyrynda tamamlanmagy meýilleşdirilýän çuňlaşdyrma işleri alnyp barylýar. Bu agzalyp geçilen işler tamamlanandan soňra Kuryk porty Hazar deňzindäki iň çuň portlaryň biri bolar.

10/30/2024

Gyrgyzystanda awtoulag ýygnamak boýunça kärhana ulanyşa girizildi

10/29/2024

«Sanly çözgüt – 2024» bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär

10/29/2024

«Türkmenawtoulaglary» agentligi awtoulag önümçilik birleşigini ýaglar bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan edýär