
4/21/2025
83
Seýrek amerikan superkar ulagy ilkinji gezek kim ýokary söwdasyna çykarylar
«Worldwide Auctioneers» auksion öýi 2008-nji ýylda döredilen seýrek ASVE AREX rodster ulagynyň satylýandygyny yglan etdi. Bu superkar Walt Disneyde akýor bolup işlän, soňra awtoulag inženeri bolan Dewid Stolleri tarapyndan döredilen öz görnüşindäki ýeke-täk nusgadyr. Bu özboluşly seýrek awtomobiliň kim ýokary söwdalaşygy anna güni, 25-nji aprelde geçiriler – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Dewid Stolleriniň zähmet ýoly 50-nji ýyllarda kinoda we Brodweýdäki artistlik işi bilen başlanýar. Soňra ol General Motors kompaniýasynda ýedi ýyl işleýär we şol döwrüň dowamynda Kaliforniýadaky Toyota dizaýn studiýasynda hem şonça wagt işleýär. Şol wagtda Stolleri awtomobil dizaýny boýunça bilim alýar we Toyota Celica awtoulagynyň ikinji nesli ýaly birnäçe meşhur modelleriň döredilmegine gatnaşýar. Soňra onuň zähmet ýoly Harley-Davidson kompaniýasy bilen baglanyşykly boldy. Döredijileriň sözlerine görä, rodster ulagy 97 km/sag tizlige ugrandan soň 3 sekuntda çykyp bilýär we ol 322 km/sag aňrybaş tizlige ýetip bilýär. 2019-njy ýylda Dewid Stolleri bu awtomobili Günorta Kaliforniýadaky bir muzeýe sowgat berdi. Häzir muzeý guramasynyň ýapylmagy sebäpli, bu seýrek eksponat satlyga goýuldy.