4/11/2025
29
Türkmen wekiliýeti Rumyniýada geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşdy
5 — 10-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri Ruminiýanyň Kluž-Napoka şäherinde iş saparynda boldular. Saparyň çäklerinde 9-nji aprelde Ruminiýanyň Babeş-Boýan uniwersitetiniň Türkologiýa institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty hem-de «Magtymguly Pyragynyň diwany» atly goşgular ýygyndysynyň rumyn diline terjime edilen nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi. Çärede edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, parahatçylygy we dostlugy berkitmäge, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmaga gönükdirilen başlangyçlary barada gürrüň edildi. Şeýle-de bu çäräniň çäklerinde kitaplaryň, kitapçalaryň, türkmen halylarynyň, zenanlaryň el işleriniň sergisi guraldy. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Transilwaniýa milli taryhy muzeýinde saklanýan gadymy taryhy we arheologiki tapyndylar bilen tanyşdyryldy, Rumyniýanyň Babeş-Boýan uniwersitetiniň Merkezi kitaphanasynda seýrek neşirler bölümi bilen tanyşdy. Şeýle-de türkmen wekiliýeti tarapyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby Babeş-Boýan uniwersitetiniň Merkezi kitaphanasyna sowgat berildi. Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň Kluž-Napoka şäheriniň häkiminiň orunbasary we Babeş-Boýan uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyklary geçirildi.