1/16/2025
16
AwtoWAZ 2025-nji ýylda Lada Westa awtoulagynyň sport görnüşini öndürmäge taýýarlyk görýär
Tolýattiniň awtoulag öndürijisi Lada Westa awtoulagynyň model hataryny giňeltmegi we oňa şu ýyl Sport wersiýasyny goşmagy meýilleşdirýär. Bu 2023-nji ýylyň güýzünde Sportline modifikasiýasynyň üstünlikli çykarylmagynyň yz ýanyndan model hatarynyň logiki ösüşi bolar — diýip, auto.ru saýty habar berýär. Mälim bolşy ýaly, Westa Sportline awtoulagy kuwwaty 118 at güýjüne barabar, 151 Nm aýlaw pursaty bolan 1,6 litrlik hereketlendirijisi we bäş tizlikli mehaniki geçirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Adaty görnüşinden bu awtoulag sport korpusynyň toplumy, güýçlendirilen togtadyjylar, ýörite amortizatorlar we aýratyn tigir diskleri bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda AwtoWAZ kärhanasynyň model hatarynda diňe Lada Granta doly sport wersiýasyna eýe bolup, ol Westa Sportline ýaly hereketlendirijisini ulanýar, emma has ýeňil agrama eýedir. Öndüriji şeýle hem kuwwaty 122 at güýjüne ýetirilen hereketlendirijili we döwrebaplaşdyrylan asgyçly Niva Sport awtoulagynyň synag ýygnalmasyna başlady. Westa awtoulagynyň sport wersiýasyndan daşary, zawod täze Lada Iskra modeliniň köpçülikleýin öndürilişine hem taýýarlyk görýär.