
6/18/2025
20
Almatyda halkara logistika terminaly açyldy
Almaty şäherinde häzirki zaman Zhetysu konteýner terminalynyň açylyş dabarasy geçirildi – diýip, SeaNews neşiri «Қazaқstan temіr žoly» kompaniýasynyň metbugat gullugynyň maglumatyna salgylanyp habar berýär. Taslama «Қazaқstan temіr žoly» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «Kedentransserwis» PJ bilen Hytaýyň Xi’an Free Trade Port Construction and Operation kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň esasynda amala aşyryldy. Açylyş dabarasy geçirilen gün terminala ilkinji konteýner otlusy geldi. Ol Sian şäherinde ýerleşýän Gazagystan-Hytaý ýük terminalyndan ugradyldy. Terminalyň taslama kuwwaty ýylda 115 müň TEU bolup, onuň umumy meýdany 9,8 gektara barabar. Konteýner meýdançasy 9,2 müň m² bolup, ol bir wagtyň özünde 1 101 TEU möçberi saklamaga niýetlenendir. Ammar desgalarynyň meýdany 23,4 müň m², täjirçilik awtoulag duralga zolagy bolsa 8,9 müň m² barabardyr.