6/4/2025

58

Russiýanyň Ulag ministrligi elektron nobat ulgamynyň ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirýär

Russiýanyň Ulag ministrligi, ASMAP, «Sanly ulag we logistika» assosiasiýasy, ulag kärhanalarynyň wekilleri, «GoragInfoTrans» we «Rosgranstroý» bilen bilelikde halkara awtoulag geçelgelerindäki sargyt ulgamy bilen baglanyşykly meseleleri, esasanam, Zabaýkalsk halkara awtoulag geçelgesindäki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy. Ministrligiň Telegram-kanalynyň habar bermegine görä, geçirilen maslahatlaşmalaryň netijesinde halkara ýük daşama bazaryndaky ähli gatnaşyjylara deň we açyk şertleri üpjün etmäge gönükdirilen çäreler kesgitlenildi. Kesgitlenen teklipleriň hatarynda — sargyt etmeleri ýatyrmaklyga çäklendirme girizmek (bir şahsy otagda dürli ulag serişdeleri üçin 9-dan köp bolmadyk arzalar), jerimeleriň we ulag hakda maglumatlaryň bardygyny barlamak, sargyt etme düzgünlerini bozýan jogapkärçiliksiz daşaýjylary blokirlemek. Aýratyn iş ugry – awtomatiki sargyt etmek bilen meşgullanýan botlar bilen göreşmek. Şeýle hereketleri kesgitlemek we duruzmak üçin daşarky trafigi süzmekden başlap, ulanyjylaryň hereketlerini seljermeklige çenli bolan köp derejeli gorag ulgamyny öz içine alýan tehniki çözgütler işlenip taýýarlandy. Ýene bir möhüm ugur - elektron nobatda ýerleri bikanun satmak baradaky halatlar boýunça hukuk goraýjy edaralar bilen operatiw gatnaşyk saklamakdyr. Şeýle hem halkara ýük daşaýjylaryň sanawynyň kämilleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Daşary ýurtly ulag kompaniýalaryny hasaba almak boýunça talaplar güýçlendiriler, şol sanda resminamalary we rugsatnamalary barlamak bilen bagly berk talaplar giriziler.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy