5/7/2025

50

Formula-1 ýaryşynyň sürüjileri ilki bilen Legodan edilen äpet bolidlerde aýlanyp çykdylar

Formula-1 ýaryşynyň sürüjileriniň adaty parady ABŞ-da üýtgeşik bir görnüşde amala aşyryldy, ol ýerde ýaryşa gatnaşyjylar Lego konstruktoryndan ýygnalan doly ölçeglerdäki bolidlerde hormatly aýlawy geçdiler – diýip, Motor.ru saýty habar berýär. Her komanda üçin meşhur konstruktordan doly ölçegde täsin iki orunly bolid döredilipdir. Her ýaryş ulagy 440 müň Lego böleginden ybarat bolup, onuň agramy bir tonna golaý boldy. Bu ýaryş ulagy sagatda 20 km çenli tizligi ösdürmäge ukyplydyr. Taslamanyň örän zähmeti köp talap edijiligi belli boldy — her bolidiň ýygnalmagy üçin 22 müň sagat iş wagty gerek bolupdyr. Ýaryşa gatnaşyjylaryň täsiri diýseň joşgunly boldy: häzirki çempion Maks Ferstappen paraddan soň ýaryş ýolunda Lego kubikleri barada degişdi, käbir komandalarda bolsa sürüjiler hatda adaty bolmadyk ulagyň rulunyň başyna geçmek hukugyna eýe bolmak üçin jedelleşdiler. Formula-1 ýaryşynda on dokuz ýyllyk tejribesi bolan weteran Lýuis Hamilton bolsa öň hiç haçan sürüjileriň paradyndan şunuň ýaly lezzet almandygyny boýun aldy.

5/31/2025

Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

5/31/2025

Jorja Meloni Türkmenistanyň Prezidentini Italiýa sapar bilen çagyrdy

5/31/2025

Türkmenistan tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýär