10/31/2024

124

Hytaýyň «BYD» awtoulag kompaniýasy çärýegiň girdejisi boýunça ilkinji gezek «Tesla» kompaniýasyndan öňe geçdi

Hytaýyň elektromobil öndürijisi bolan «BYD» kompaniýasy çärýekdäki girdejisiniň möçberi boýunça ilkinji gezek «Tesla» kompaniýasyndan öňe geçmegi başardy — diýip, «Rambler» saýty habar berýär. 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginiň maliýe görkezijilerine görä, «BYD» kompaniýasynyň girdejisi rekord derejede – 28,24 milliard dollar (201,12 milliard ýuan) bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24% ýokarlandy. Bu netije «Tesla» kompaniýasynyň şol döwürdäki 25,2 milliard dollarlyk görkezijisinden ep-esli ýokary boldy. Hytaýyň awtoulag öndürijisiniň arassa peýdasy hem oňyn ösüşi görkezip, ol 11,5% ýokarlandy we rekord derejede — 1,63 milliard dollar (11,61 milliard ýuan) boldy. Emma bu görkeziji boýunça «Tesla» kompaniýasy çärýekde 2,2 milliard dollar netijesi bilen öňdebaryjylygyny saklap galýar.

7/5/2025

Gazagystan serhetde täze düzgünleri girizýär: tölegli ekspress-rugsatnama mümkinçiligi we düzgün bozmalara jerimeler

7/5/2025

Goňşularyň arasyndaky demping: Gazagystan we Gyrgyzystan Russiýanyň ýük daşaýjylarynyň bazaryny elinden alýar

7/5/2025

Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady