1/14/2025

79

Tesla öz taryhynda ilkinji gezek ulag satmakda Audi kompaniýasyndan öňe saýlandy

ABŞ-nyň Tesla kompaniýasy ýyllyk satuwlaryň göwrümi boýunça öz taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň ýokary derejeli awtoulag öndürijisi Audi kompaniýasyny yzda galdyrdy. 2024-nji ýylda Ilon Maskyň kompaniýasy 1,79 million elektrik ulagyny satuwa çykardy, Audi kompaniýasynyň satuwlary bolsa 12% pese düşüp, ol 1,67 million awtoulaga barabar boldy – diýip, gazeta.ru saýty habar berýär. Tesla kompaniýasynyň üstünligi köplenç dünýäde iň köp isleg bildirilýän awtoulaglaryň sanawyna girýän Model Y krossoweriniň meşhurlygy bilen baglanyşyklydyr. Şu ýylda bu modeliň täzelenmegi amerikan awtoulag öndürijisiniň ornuny has-da berkidip biler. Şol bir wagtyň özünde, Audi bilen bir hatarda nemes awtokonsernleri kyn döwürleri başdan geçirýärler. Kompaniýa Hytaý bazarynda ýokary derejeli awtoulaglara bolan islegiň pese düşmegi we birnäçe ýurtda döwlet tarapyndan berilýän pul kömeginiň azalmagy sebäpli Ýewropada elektrik ulaglaryna bolan gyzyklanmanyň pese düşmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy.

7/2/2025

Türkmen wekiliýeti Marokko Patyşalygynda saparda boldy

7/2/2025

DIM: Şwesiýanyň kazyýeti MTS-iň Türkmenistana bolan ähli talaplaryny ret etdi

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy