10/18/2024

21

«DP World» kompaniýasy öz konteýner parkyny edinýär

«DP World» kompaniýasy ilkinji gezek umumy sygymlylygy 47 müň TEU-a barabar bolan konteýner parkyny edindi – diýip, «Seatrade Maritime» saýty habar berýär. «Ýük gatnawlarynyň dünýä boýunça zynjyrynda barha köp bökdençlikler ýüze çykýar. Bu bolsa konteýner enjamlarynyň ýetmezçiligine getirýär ýa-da olar konteýnerleriň zerur bolmadyk ýerlerinde saklanýarlar – diýip, kompaniýada belleýärler. — Şunuň ýaly kyn şertlerde ýük iberme zynjyrlary ägirt uly basyşlary başdan geçirýärler. «DP World» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Ganeş Rajyň gürrüň berşi ýaly, «47 müň TEU barabar bolan möçberiň kompaniýanyň aktiwleriniň ekoulgamyna goşulmagy müşderilerde olaryň harytlarynyň bir hyzmatdaş tarapyndan barmaly ýerine eltiljekdigine pugta ynam döreder». «DP World» brendi bilen ýük daşalýan konteýnerler 78 ýurt boýunça ýaýrandyr.

10/22/2024

Türkmen wekiliýeti Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna gatnaşar

10/22/2024

Türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy

10/22/2024

Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi