10/19/2024

149

BMW awtoulagynyň dizaýny özgerýär

BMW kompaniýasynyň dizaýn bölüminiň başlygy «Neue Klasse» elektrik ulaglarynyň stilistikasynyň awtoulagyň bu kysymynyň ähli geljekki modelleri üçin, şol sanda içinden otlanýan hereketlendirijili adaty ulaglar üçin hem esas bolýandygyny yglan etdi — diýip, Motor.ru saýty habar berýär. «Neue Klasse» platformasynyň esasynda döredilen BMW awtolagynyň elektrik we benzin modelleri biri-birinden tapawutlanar, emma şol bir wagtda onuň umumy stilistikasyny saklap galarlar. Şunda her model konsepte has ýakyn bolan diňe özüne mahsus häsiýetlere eýe bolar. Täze BMW awtolaglarynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem tutuş alynky aýnanyň giňişligini eýeleýän rewolýusion «Panoramic Vision» proýeksion displeýi bolar. Sürüji bu displeýiň ýüzünde haýsy maglumatyň görkezilmelidigini özbaşdak saýlap biler. Mundan başga-da, «Neue Klasse» awtoulaglary merkezi konsolyň adaty bolmadyk dizaýny, dolandyryşyň futuristik elementleri we salonyň bezeginde ekologiki taýdan has arassa materiallaryň ulanylmagy bilen tapawutlanar. «Neue Klasse» hatarynyň ilkinji tapgyrynyň awtoulagynyň 2025-nji ýylda bazara çykaryljak modeli BMW iX3 krossoweri bolar. Soňraky ýyllarda onuň çykarylyşy awtoulagyň sedan we başga modelleri bilen giňeldiler.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar