12/3/2024
35
Formula-1 ýaryşynyň ozalky baştutanynyň bolidler ýygyndysy kim ýokary satuwa çykarylar
Ençeme ýyllap Formula-1 ýaryşynyň ýolbaşçysy bolan Berni Ekklstoun ýarym asyryň dowamynda ýygnap gelen özboluşly ýaryş awtoulaglar ýygyndysyny satuwa çykarmaga taýýarlyk görýär. Tom Hartley Jnr auksion öýi bu ýygyndynyň dünýäde iň gymmatly tematiki ýygyndy hökmünde häsiýetlendirýär. Ol 69 sany iň naýbaşy sport bolidini öz içine alýar – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Bu ýygyndy Formula-1 ýaryşynyň 70 ýyllyk taryhynyň birgiden syrlaryny özünde jemleýär. Onda dünýä belli sürüjileriň awtoulaglary bolup, olaryň hatarynda ýaryşyň ilki başlan döwrüniň ýyldyzlary Stirling Mossdan we Mike Hawthorndan başlap, Mihael Şumaher, Aýrton Senna we Niki Lauda ýaly meşhur çempionlaryň ýaryş ulaglaryny görmek bolýar. Satuwa çykaryljak bolidler ýygyndysynyň arasynda dünýä awtosportynyň hakyky, birmahallardan bäri görülmedik naýbaşy nusgalary bar. Köp sanly ýeňişleri gazanan ilkinji Ferrari 312 F1 we 1970-nji ýyllaryň ahyrynda peýda bolan Brabham BT46B wentilýatory yz tarapynda goýlan ýeke-täk görnüşli ýaryş ulagy aýratyn üns bermäge mynasypdyr. Mundan başga-da, köp sanly awtoulaglar Ekklstoune tarapyndan satyn alnandan soň ilkinji gezek köpçülige görkeziler. Bilermenler bu ýygyndynyň umumy bahasynyň onlarça million dollara ýetip biljekdigini çak edýärler. Şol bir wagtda, Berni ýüregine gaty gymmatly bolan bu ýygyndydan näme sebäpli aýrylyşmakçy bolýandygy entek açylman galýar.