10/21/2024

13

Alýat-Astara-Eýran awtomagistralynyň 26 kilometrlik böleginde dikeldiş işleri geçirildi

Azerbaýjanyň Döwlet awtomobil ýollary agentligi Alýat–Astara–Eýran Islam Respublikasy bilen döwlet serhedi awtomobil ýolunyň 217-243-nji kilometrlik böleginde düýpli bejeriş işlerini geçirdi. Bu agentlikde «Trend» saýtyna habar berişleri ýaly, 26 kilometr uzynlykdaky bu bölek 3-nji tehniki derejesine laýyklykda kämilleşdirildi. Ýoluň ini 12 metre çenli giňeldildi. Ýoluň boýunda tehnologik yzygiderlilige laýyklykda ýer gazuw, buraw işleri, ýoluň kadaly ininiň bolmagy üçin giňeldiş işleri, binýat gurmak we täze asfaltbeton örtügini ýazmak işleri ýerine ýetirildi. Suw akabalarynyň turbalarynyň çekilmegi we suw ganawlarynyň gurluşygy tamamlandy. Taslamanyň çäklerinde Pensarçaý, Arçiwançaý we Astaraçaý derýalary üstünden geçýän köprileriň düýpli abatlaýyş işleri hem amala aşyryldy. Gurluşyk işleri «Gurluşyk kadalary we düzgünleri» döwlet talaplaryna laýyklykda meýilnamaly rejenama boýunça we ýokary hilli ýerine ýetirildi. Taslamany amala aşyrmagyň soňky tapgyrynda ýoluň ugrunda awtobus duralgalary gurnaldy, ýol bellikleri oturdyldy we gorizontal çyzyklar çekildi, işler tamamlanandan soňra bolsa häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýol raýatlar üçin ulanyşa berildi. Alýat-Astara-Eýran magistral awtomobil ýolunyň bu böleginde geçirilen abatlaýyş-dikeldiş işleri ulaglaryň oňaýly hereket etmegini üpjün eder, ýük we ýolagçy gatnawlaryny ýeňilleşdirer.

10/22/2024

Türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy

10/22/2024

Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi

10/21/2024

Koreýanyň «Daewoo E&C» kompaniýasy Türkmenistanda dökün zawodyny gurar