
7/8/2025
17
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Belarusda geçirilýän «Arkalaşygyň Çagalary» forumyna gatnaşýarlar
Türkmenistanyň wekilleri Belarusda «Naroçanskiý» milli seýilgähiniň çäginde ýerleşýän «Zubrýonok» çagalar merkezinde düýn, 7-nji iýulda badalga berlen «Arkalaşygyň çagalary» atly X Halkara medeni-bilim forumyna gatnaşýarlar. Şu ýyl forum «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna — Ýatlama we nesilleriň agzybirligi» temasyna bagyşlanýar – diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda bellenilýär. Foruma Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan mekdep okuwçylaryndan düzülen wekiliýetler gatnaşýarlar. Forumyň maksatnamasy Milli Çagalar Tehnologiýalar parkyndan başlanýar — bu ýerde okuwçylara onuň işi bilen tanyşdyrylyp, ylym we innowasiýalar boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler. Her gün foruma gatnaşyjylar Arkalaşygyň ýurtlarynyň biriniň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşarlar. Şeýle-de olara gyzykly çäreler, duşuşyklar we täsirli gezelençler bilen baýlaşdyrylan maksatnama garaşýar – diýip, çeşmede bellenilýär. «Arkalaşygyň çagalary» atly Halkara medeni-bilim forumy ilkinji gezek 2013-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň parlamenti — Žogorku Keneş tarapyndan öňe sürlen teklibiň esasynda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň goldamagynda Yssyk kölüň kenarynda geçirilipdi. Forum şeýle hem Russiýada we Özbegistanda hem geçirildi. Bu gezekki Belarusda geçirilýän forum 16-njy iýula çenli dowam eder.