4/14/2025

32

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary ugratdylar. Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti «EXPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşar we ýokary derejedäki gepleşikleri geçirer. «EXPO — 2025» Bütindünýä sergisi 13-nji aprel — 13-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriler. Ýumeşima emeli adasynda geçiriljek sergä 28 milliondan gowrak adamyň geljekdigi çaklanylýar. «EXPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde 14-nji aprelde Türkmenistanyň Milli güni bolar.

7/5/2025

Gazagystan serhetde täze düzgünleri girizýär: tölegli ekspress-rugsatnama mümkinçiligi we düzgün bozmalara jerimeler

7/5/2025

Goňşularyň arasyndaky demping: Gazagystan we Gyrgyzystan Russiýanyň ýük daşaýjylarynyň bazaryny elinden alýar

7/5/2025

Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady