10/30/2024

85

Gyrgyzystanda awtoulag ýygnamak boýunça kärhana ulanyşa girizildi

Gyrgyzystanda ýeňil we ýük awtoulaglaryny ýygnaýan ilkinji kärhana işe başlady. Bu amerikan awtoulag kompaniýasy bilen bilelikdäki kärhanadyr. Awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary daşary ýurt tehnologiýasy boýunça Özbegistanda öndürilýär, soňra ol ýygnamak üçin Gyrgyzystandaky kärhana iberilýär – diýip, «MIR 24» saýtynyň habarçysy gürrüň berýär. Zawodyň çägi iki zolaga bölünýär: birinji zolakda ýeňil awtoulaglar, ikinji zolakda bolsa ýük ulag serişdeleri çykarylýar. «Önümçiligiň ilkinji tapgyrlarynyň biri – ätiýaçlyk şaýlaryny seresaplyk bilen gutulardan çykarmakdyr. Kiçi ätiýaçlyk şaýlary agaç gutularda getirilýär, uly şaýlar, mysal üçin, hereketlendiriji, ses basyjy (gluşitel) ýalylary bolsa gaplanan görnüşde getirilýär» — diýip, žurnalist belleýär. Ätiýaçlyk şaýlary bilen bile kärhana taýýar kuzowlar hem getirilýär. Gyrgyzystanyň hünärmenleri awtoulaglary bolmaly derejesinde ýygnaýarlar, olara zerur bolan suwuklyklary guýýarlar we hiline gözegçilik edýärler. Bu ýerde 50-ä golaý adam işleýär. Kuzowda goýulýan win-belgi awtoulagyň Gyrgyzystanda öndürilendigini görkezýär. Bu ýerde ýygnalan awtoulag islendik tarapdan daşary ýurt awtoulaglaryndan pes däldir. Häzirlikçe kärhanada günde 20-ä çenli awtoulag öndürilýär. Bulara ýeňil awtomobiller, krossowerler, ýük we kiçi ýük awtoulaglary degişlidir. Geljekde ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän kärhanalary döredip, awtoulaglary kärhananyň özünde başdan-aýak ýygnamak meýilleşdirilýär.

5/17/2025

Hyundai kompaniýasy Saud Arabystanynda zawod gurýar

5/17/2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Yslam ýurtlaryna bilelikdäki energetika zolagyny döretmegi teklip etdi

5/17/2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi