11/1/2024

121

Aşgabatda Fransiýanyň ilçisi kabul edildi

Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Filipp Merleniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy barada, gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan gatnaşyklaryň yzygiderli esasda ösdürilýänligi aýratyn bellenildi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplaryň halkara guramalaryň çäklerindäki alyp barýan gatnaşyklarynyň oňyn tejribesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem diplomatlar energetika, logistika, gurluşyk, oba hojalygy we «ýaşyl tehnologiýalar» ýaly ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garadylar. Speleologiýa, arheologiýa we fransuz dilini öwrenmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk barada hem bellenildi. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler diýlip, habarda bellenilýär.

7/2/2025

R.Meredow Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

7/2/2025

Türkmenistanyň we Niger Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

7/2/2025

Türkmenistanyň we Burkina Fasonyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi