10/29/2024
49
Serdar Berdimuhamedow pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmegi tabşyrdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Welaýatlaryň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar, hasyl bökdençsiz kabul edilýär. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar netijeli işledilýär. Welaýatlarda bugdaý ekişi agrotehniki möhletlerde dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Häkimler welaýatlaryň çäklerindäki edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek boýunça görülýän çäreler hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly ýerine ýetirilmelidigini belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany degişli maksatnamalara laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylynyň ýygnalýandygy, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işlerine girişilendigi barada hem aýdyldy. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň möhüm ähmiýetini belledi we wise-premýere dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurduň oba hojalygy pudagynda jogapkärli döwrüň --- pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigini we ýygymyň depginini has-da güýçlendirmegiň, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri talabalaýyk geçirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýygymda kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde we netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde we kadalara laýyklykda geçirilmegine berk gözegçilik etmegi, ekişde ulanylýan tehnikalaryň we gurallaryň netijeli işledilmegini üpjün etmegi hem-de beýleki degişli tabşyryklary berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen 2024-nji ýylyň pagta hasyly, 2025-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylynyň talabalaýyk, ýitgisiz ýygnalmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow gyş paslynyň hem golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmegi, şeýle hem degişli maksatnamalara laýyklykda welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdу.