6/28/2025

19

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda geçirmek bellenildi hem-de hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň medeniýet ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, milli medeniýeti, sungaty we edebiýaty täze eserler bilen baýlaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurtda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen milli toýy görnüşinde geçirmek maksady bilen kabul edildi.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy