4/14/2025

69

Russiýanyň awtoulag bazary az-kem janlandy, emma entek bu durnukly däl

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýanyň içindäki awtoulag hyzmatlarynyň nyrhlary 12-14% pese gaçdy, boş ulaglaryň hödürlenişi olaryň ýüklenişine bolan islegden has köp boldy. Şol bir wagtyň özünde, martda ýük akymlarynyň az-kem ösüşi we spot bazarynyň janlanmagy bellenildi, ýük daşalyşynyň nyrhlary ösüp başlady. Russiýa boýunça ortaça ýük daşalyş nyrhlaryny görkezýän ATI.SU indeksi aprelde birinji hepde 2,2% ösdi. Nyrhlaryň ýokarlanmak meýliniň durnukly bolma ähtimallygy bar. Emma, heniz bu üýtgeşmeler ulag kompaniýalarynyň düýpli ýeňilleşmesini duýar ýaly derejede däl – ýük daşaýjylaryň nyrhlary özüne düşýän gymmatyna deň derejede ýerleşýär, käwagt bolsa hatda bu derejeden hem aşakdadyr. Ulag kompaniýalarynyň wekilleriniň güwä geçmegi boýunça, geçen ýyl ýük daşaýjylaryň ep-esli bölegi ters girdejililik bilen tamamlady, awtoulag parklarynyň azalma meýli saklanýar. Şonuň üçin islegiň ösüşi bilen (bu ýylyň ikinji ýarymynda seresaplylyk bilen çaklanýar) pudakda ulag ýetmezçiliginiň bolmagyna garaşmaly. Eger-de ýük akymy ösmese, nyrhlaryň peselmesi dowam edip biler, awtoulag parklary bolsa has hem azalar.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar