6/5/2025

56

Hytaý Russiýanyň ýük ulaglary üçin kwotalary azaltdy

2025-nji ýylda Russiýanyň ýük gatnadyjylary üçin Hytaýa giriş kwotasy 132 müň rugsatnama bilen çäklendiriler. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan ep-esli azdyr, şonda goşmaça rugsatlar bilen bilelikde 148 müň rugsat berilipdi. Russiýanyň kompaniýalarynyň islegi ýokary derejede galýar – geçen ýyl ähli rugsatlar ulanyldy, oktýabr-dekabr aýlarynda bolsa käbir ýük daşaýjylar olaryň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Bu barada LOGISTIKA EXPO forumynda «Trasko» kompaniýasynyň baş direktory Ýewgeniý Şakalida habar berdi. Munuň tersine, Hytaýyň ýük gatnadyjylary özlerine bölünip berilýän kwotalary doly ulanyp bilmediler. 2024-nji ýylda olara 117 müň rugsatnama berildi, emma olaryň diňe 90 müňüsi ulanyldy. Russiýa bilen Hytaýyň kompaniýalarynyň kwotalary ulanmak ýagdaýyndaky tapawut bir ýarym esse artykmaçdyr. Emma, Şakalidanyň bellemegine görä, resmi statistika hakykatdan hem amala aşyrylýan ulag gatnawlarynyň hakyky sanyny hemişe doly beýan etmeýär. Mysal üçin, Uzak Gündogarda käbir ýük daşaýjylar rugsatnamalary resmileşdirmän, meseläni ýerinde çözýärler. Hytaý tarapy 2025-nji ýylda 102 müň rugsatnama bilen çäklenmegi karar etdi – hut şonça rugsatnama hytaý kompaniýalary üçin bölünip berler – diýip, Ýewgeniý Şakalida habar berdi.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy