7/30/2025

21

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika we nebit-gaz pudagynda, himiýa, ulag hem-de kommunikasiýa ulgamlarynda, oba-hojalygy we azyk senagatynda, daşky gurşawy goramakda, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmegi meýilleşdirýär. Degişli çözgüt barada 28-nji iýulda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisinde aýdyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Bellenilişi ýaly, taraplar agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, azerbaýjan wekilýetine Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem mejlisde iki döwletiň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalaryň ösüşiniň oňyn häsiýete eýedigi nygtaldy. Taraplar Türkmenistanda we Azerbaýjanda geçirilýän söwda ähmiýetli çärelere, sergilere we forumlara gatnaşmagyny öz içine almak bilen iki döwletiň hususy pudagynyň wekilleriniň işini giňeltmegiň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň jemleri boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisiniň Teswirnamasy kabul edildi. Resminama söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar. Taraplar hökümetara toparynyň indiki 9-njy mejisini Aşgabat şäherinde geçirmegi ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

8/1/2025

Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

8/1/2025

1-nji awgustdan 100-nji we 45-nji awtobus ugurlary üýtgediler

7/31/2025

Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi