4/14/2025

68

«Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda awtomobil ulaglaryndaky gatnawlaryň howpsuzlygyny we ulag hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň hukuklaryny kadalaşdyryjy «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seredildi. Taslama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi awtomobil ulagy ulgamynda döwlet gözegçiligini we dolandyryşyny amala aşyrýan edara hökmünde kesgitlenilýär diýip, TDH ýazýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň birnäçesine seredildi we kabul edildi. Täze kanunçylyk namasy awtomobil ulagynyň hereketiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk binýadyny — howpsuzlygyny, adamyň durmuşynyň, saglygynyň, daşky gurşawyň goraglylygyny, awtomobil ulagynyň hyzmatlaryndan peýdalanylanda ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklaryny kesgitleýär. Maslahatda kabul edilen kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary milli parlamentiň ähli komitetlerinde, ýurduň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen deslapky ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde işlenilip taýýarlanyldy.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar