
1/6/2025
77
«Geely» ýakyn ýyllar üçin meýilnamalaryny mälim etdi
«Geely» awtokonserni awtoulag öndürilişini ep-esli artdyrmagy maksat edinýär: 2027-nji ýyla çenli ähli brendleriň 5 milliondan gowrak awtoulagyny çykarmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin kompaniýa gibrid tehnologiýalaryny işjeň ösdürýär, şol sanda hem benzinde, şeýle hem metanolda işleýän awtoulaglary döredýär – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Eýýäm 2024-nji ýylda «Geely» takmynan 3,32 million awtoulag öndürdi, bu ondan öňki ýyldakydan 21% köpdür. Kompaniýa elektrik we gibrid awtoulaglarynyň öndürilişine işjeň maýa goýýar we 2025-nji ýyla çenli olaryň öndürilişini 1,5 million birlige ýetirer. Şol bir wagtyň özünde «Geely» içinden otlanýan hereketlendirijili adaty awtoulaglary çykarmagyny dowam edýär. Kompaniýa alternatiwli ýangyç görnüşleri üçin infrastrukturany ösdürmeklige aýratyn üns berýär. Soňky ýylda Hytaýda metanol üçin 519 sany ýangyç guýýan stansiýa guruldy we 2027-nji ýyla çenli olaryň sanyny 4000-e ýetirmek meýilleşdirilýär.