5/10/2025

124

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Harby ýöriş tamamlanandan soňra, asylly däbe görä, dabaralara gatnaşan döwlet Baştutanlary, şol sanda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem bilelikde Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna bardylar we Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýdular. Bu barada TASS habar berýär. Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrandygyny habar beripdik. Şol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar