4/25/2025

73

Chery konserni Lepas ady bilen täze premium brendi bilen tanyşdyrdy

Hytaýly awtoulag öndüriji Chery konserni Lepas ady bilen global premium brendini döredendigini mälim etdi, onuň ilkinji modeli L8 krossoweri bolar. Ilkinji tapgyrlaýyn awtoulagy Wuhu şäherindäki (Anhuý welaýaty) zawodda 18-nji aprelde önümçilik hataryndan çykdy – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Aslynda Lepas ady Leap (böküş) we Passion (hyjuw) diýen sözlerden emele gelýär. L8 modeliniň tanyşdyrylyşynyň aprel aýynyň ahyrynda «Dünýäniň dilerler maslahatynda — 2025» geçirilmegine garaşylýar. Täze model barada resmi maglumatlar entek aýan edilmeýär, emma daşky görnüşi takmynan 4,73 metr uzynlykdaky orta ölçegli krossower bolan Chery Fulwin T8 modeliň täzelenen görnüşine çalymdaşdyr. Geljekde Lepas öz hataryny giňeltmek, maşgalalar üçin krossowerleri we aýratynlyga ähmiýet berýän adamlar üçin awtoulaglary hödürlemek niýetini bildirýär.

7/5/2025

Gazagystan serhetde täze düzgünleri girizýär: tölegli ekspress-rugsatnama mümkinçiligi we düzgün bozmalara jerimeler

7/5/2025

Goňşularyň arasyndaky demping: Gazagystan we Gyrgyzystan Russiýanyň ýük daşaýjylarynyň bazaryny elinden alýar

7/5/2025

Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady