10/21/2024

14

Gazagystana ýük daşamaklyga bolan sargytlaryň möçberi barha artýar

ATI.SU halkara biržasynyň platformasynda başga ýurtlardan Gazagystana ýük daşamaklyga bolan sargytlaryň sany 49% göterim artdy — diýip, «Trend» saýtyna biržanyň metbugat gullugyndan habar berdiler. «Hytaýdan ýük daşamaklyga bolan isleg ep-esli artdy — ýyllyk görnüşinde bu 394% boldy we ikinji çärýek bilen deňeşdirilende ol 58% artdy. Emma bu ugurdaky aňrybaş sanlar entek ol diýen uly däl, şonuň üçin hakyky bazar meýliniň muňa täsir edişi hakda bir zatlar aýtmak heniz irdir» — diýip, biržanyň habarynda nygtalýar. Başga import ugurlarynda hem belli bir ösüşiň bardygy bellenilýär — Russiýadan, Litwadan, Türkiýeden we Özbegistandan awtomobil serişdeleri arkaly ýük daşamaga gyzyklanma barha artýar. «Içerki ýük daşamalar çalt depginler bilen ösýär: Gazagystan boýunça ýük eltip bermek boýunça sargytlaryň sany ýyllyk görnüşinde 154% boldy, ikinji çärýek bilen deňeşdirilende ol 56% artdy. Ösüş meýliniň bardygy Milli statistika edarasy tarapynda tassyklanýar. Onuň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň 8 aýynda awtomobil serişdeleri bilen ýük daşamalary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18,7%, awtomobil serişdeleriniň ýük dolanyşygy bolsa – 24,7% artdy» — diýlip, ATI.SU halkara biržasynyň platformasynda habar berilýär.

10/22/2024

Türkmen wekiliýeti Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna gatnaşar

10/22/2024

Türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy

10/22/2024

Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi