10/18/2024

24

«RŽD Logistika» 2025-nji ýylda «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen ýük daşamaklygy ýitgisiz etmeklige bil baglaýar

«Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamaklyk indiki ýyldan başlap ýitgisiz bolup biler. Bu barada «PromSpace» milli senagatçylar kongresiniň dowamynda Russiýanyň «RŽD Logistika» (Russiýanyň «RŽD-sine» - demir ýollaryna degişli) kompaniýasynyň baş direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Oleg Poleýew beýan etdi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda bu ýük gatnawlary kompaniýa girdeji getirmeýär we subsidiýalary talap edýär. «Biziň maksadymyz bu ýoluň az hem bolsa girdeji getirip başlamagyny üpjün etjek wezipäni berjaý etmek bolup durýar» - diýip, beýan etmek bilen, ol munuň üçin kompaniýa geljek ýyl has köp import ýüklerini daşamaklyga ünsi jemlär, we şeýlelik bilen ýük akymlarynyň möçberini deňleşdirmeklige bil baglaýarys – diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. «Bu gün biz yzygiderli ýagdaýda 4 otly düzümini iberýäris. Biz ozal iki aýdan birini ibermekden başlandygymyzy ýatladasym gelýär. Ýaňy-ýakynda biz kompaniýalaryň biri bilen import ýüklerini daşamak babatda ylalaşyk gazandyk. Muny entek aýan etmek islämokdym, ýöne biz olar bilen eýýäm şertnama baglaşdyk. Geljek ýyl her aý 6-7 otly düzümini ibermeklige bil baglap bileris diýip, men pikir edýärin, bu hem import, şeýle hem eksport bolar» - diýip, ol sözüni jemledi.

10/22/2024

Türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy

10/22/2024

Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi

10/21/2024

Koreýanyň «Daewoo E&C» kompaniýasy Türkmenistanda dökün zawodyny gurar