8/5/2025

19

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gonan uçarynyň ýanynda belent mertebeli myhmana duz-çörek hödür edildi. Bu ýerde täjik Liderini türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady we ony türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýtdy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin hoşallyk bildirdi hem-de dünýä ähmiýetli bu maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda özara dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini bellediler. Söhbetdeşler birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, halkara maslahatda garaljak meseleleriň özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

8/8/2025

Türkmenistan bilen Awstriýa ýük daşamalaryny Ýewropa–Aziýa ugurlary boýunça giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar

8/8/2025

Oguljahan Atabaýewa Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

8/8/2025

R.Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary bilen duşuşdy