1/9/2025
35
BMW tutuş alyn aýnasy projeksiýaly iDrive ulgamyny görkezdi
Las-Vegasda geçirilýän CES 2025 halkara sergisinde BMW kompaniýasy iDrive ulgamyny görkezdi, ol alyn aýnasynyň tutuş ýüzüne doly möçberde projeksiýa edýär – diýip, bu barada auto.ru saýty habar berýär. Täzelenen ulgamyň esasynda BMW Panoramic Vision moduly - alyn aýnanyň tutuş ýüzüni öz içine alýan üç bölümli projeksiýa displeýi bar. Şol bir wagtyň özünde öndüriji adaty aýnanyň ulanylyşy onuň çalşylan halatynda hem adaty bahany saklamaga mümkinçilik berjekdigini nygtaýar. Interfeýs üç sany sazlanýan zolaga bölünýär: çep tarapda gurallaryň paneli ýerleşýär, merkezi we sag tarapdaky zolaklaryny bolsa nawigasiýa maglumatlary, howa maglumatlary we beýleki peýdaly widjetleri görkezmek üçin şahsylaşdyryp bolýar. Täze X operasion ulgamy giňeldilen şahsylaşdyrma mümkinçiliklerine eýe boldy, ol ulanyjylara öz arka şekil suratlaryny goýmaga mümkinçilik berýär. Içine gurlan ses kömekçisi indi öňdebaryjy dil modellerini ulanýar, däp bolan ses buýruklarynyň ýerine sürüji bilen adaty aragatnaşygy üpjün edýär.