10/26/2024
29
Gazagystan bilen Özbegistanyň serhedinde gümrük terminaly açylar
«Kazinfrom» agentliginiň habarçysynyň habar berşi ýaly, Garagalpagystandaky «Dautata» serhet nokadynyň çäginde gümrük terminalynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Özbegistanyň Gümrük komitetiniň maglumatyna görä, 6 gektar meýdanda gurlan terminal häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir. Gümrük nokadynyň ýanynda myhmanhanalar, tehniki hyzmat ediş nokatlary we bir wagtda 350 sany ýük ulagyny ýerleşdirip biljek awtoduralga ýerleşýär. Serhet nokadynyň açylmagy Kungrad-Beýneýe ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen gabat gelýär. Täze ýol «Dautatanyň» üsti bilen geçirilýän daşary ykdysady amallaryň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şu ýylyň başynda iş toparynyň agzalarynyň «Žibek žoly — Giştkuprik» we «Kaplanbek — Nawoýi» gümrük nokatlaryndaky abatlaýyş işleri bilen tanyş bolandyklaryny ýatladýarys. Gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň (GGN) täzeden gurulmagy Gazagystan-Özbegistan serhediniň geçirijilik ukybyny üç esse artdyrmaga mümkinçilik berer: - «Kaplanbek» geçiriş nokady esasan ýük daşamalary üçin niýetlenendir, ýöne ol fiziki şahslary hem kabul edýär; - «Giştkuprik» nokadynyň döwrebaplaşdyrylmagy bir wagtyň özünde 12 ýeňil awtoulagyny we 9 awtobusy gümrük barlagyndan geçirmäge mümkinçilik berer; - abatlaýyş işleri geçirilenden soň «Žibek žoly» GGN-niň geçirijilik ukyby gije-gündizde 35 müň adama çenli artdyrylar.