10/19/2024

22

Sygymlylygy 4843 TEU bolan konteýner gämisi Demirgazyk deňiz ýoly boýunça geçdi

Demirgazyk deňiz ýolunda işleýän konteýner gämileriniň sygymlylygy yzygiderli artýar — diýip, infranews.ru saýty habar berýär. Sygymlylygy 4843 TEU bolan «Flying Fish 1» konteýner gämisi ilkinji gezek Demirgazyk deňiz ýoly boýunça geçdi. Şu güne çenli bu Demirgazyk deňiz ýoluny özleşdiren iň uly konteýner gämisidir. Gäminiň ýoly Sankt-Peterburgdan başlanyp, alty günden soň ol Hytaýyň Sindao portunda tamamlandy. «Flying Fish 1» gämisi Hytaýa 664 sany ýigrimi futluk we 1727 sany kyrk futluk konteýneri alyp geldi. Buz synpy bolmadyk gämileriň Demirgazyk deňiz ýoly boýunça ýüzmek döwri 2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda tamamlandy. TELS GLOBAL kompaniýasynyň käbir müşderileriniň ýükleri Uzak Gündogar portlaryndaky ähli dyknyşyklardan aýlanyp geçmek bilen, şu ýylyň soňky gatnawlarynda Hytaýdan Russiýa Federasiýasyna alyp gelindi. Ýükleri eltip bermek tiz wagtda amala aşyryldy we ol hiç bir kynçylyksyz geçdi. Indiki ýyldaky nawigasiýanyň açylmagyny garaşýarys we Hytaýdan Russiýa Federasiýasyna we Belarus Respublikasyna ýük daşamak babatda müşderilerimize özüne çekiji logistika çözgütlerini hödürläp bileris.

10/22/2024

Türkmen wekiliýeti Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna gatnaşar

10/22/2024

Türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy

10/22/2024

Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi