10/19/2024

136

Gazagystandan ýük daşamak babatdaky sargytlaryň sany artdy

2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde Gazagystandan beýleki ýurtlara ýük daşamak boýunça halkara ATI.SU biržasynyň platformasyndaky arzalaryň sany 3,5 esseden gowrak artdy — diýip, biržanyň metbugat gullugy penşenbe güni «Trend» saýtyna habar berdi. «2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde Gazagystandan beýleki ýurtlara ýük daşamak babatdaky ATI.SU platformasyndaky sargyt etmeleriň sany 262% (3,5 esseden gowrak) artdy. Bu dinamika iki esasy eksport ugry boýunça — Russiýa we Belarus tarapyndan üpjün edildi. Şeýlelikde, Russiýa ýük daşamak üçin sargytlaryň sany ýylda 263% we ikinji çärýek bilen deňeşdirilende 218% artdy. Belarusa ýük eltmek üçin isleg ýylda 641% we ikinji çärýek bilen deňeşdirilende ol 195% artdy» — diýip, habarda nygtalýar. ATI.SU platformasynyň Gazagystandaky wekilhanasynyň direktory Renata Zobowanyň sözlerine görä, bu ösüşiň iki esasy sebäbi bar. «Birinji nobatda, Gazagystan bilen Russiýanyň arasynda demir ýol ulaglary arkaly ýük daşamalarynyň möçberiniň azalmagy sebäplidir, bu iki ýurduň demir ýollarynda bar bolan kuwwatlyklaryň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly boldy. Gazagystanda bu şol sanda Hytaý bilen Ýewropa Birleşigini birleşdirýän Hazarüsti halkara ulag ýolunyň ugrundaky demir ýol daşamalarynyň möçberiniň artmagy bilen düşündirilýär. Birinji ýarym ýylda Gazagystan, Russiýa we Belarus arkaly Ýewraziýa demir ýol ugrundaky üstaşyr ýük akymy geçen ýylyň degişli döwründen 66% artdy. Bularyň hemmesi Gazagystanyň önüm iberijilerini Russiýa we Belarusa ýük daşamak üçin awtoulaglary has işjeň ulanmaga mejbur edýär. Ikinjiden, bu üç ýurduň ählisinde sanly logistika hyzmatlary işjeň ösdürilýär: sargytlaryň sanynyň artmagy GDA ýurtlarynda «ATI.SU biržasynyň» ulanyjylarynyň sanynyň artmagy bilen hem baglanyşyklydyr – diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. 2024-nji ýylyň tutuş dowamynda galan eksport ugurlary boýunça durnukly islegiň saklanyp galýandygy bellenilýär.

7/3/2025

Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Lukaşenkony Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

7/3/2025

Prezident Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişe häzirden taýýarlyk görmegi tabşyrdy

7/3/2025

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellenildi