
3/14/2025
78
Kuwwaty 2400 at güýji bolan Elektron Quasar giperkary tapgyrlaýyn önümçilikden çykar
Germaniýanyň Elektron startap kompaniýasy şu ýylyň ahyryna çenli Quasar elektrik giperkar awtoulagynyň tapgyrlaýyn görnüşini çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa häzirki wagtda dünýäniň dürli sebitlerinde ulagy ýerlemek üçin dilerleri işjeň gözleýär. Iň güýçli elektrik awtoulagynyň sany 99 birlik bilen çäklener we başlangyç bahasy ýerli salgytlary hasaba almazdan azyndan 2,2 million ýewro bolar. Quasar taslamasy ilkinji gezek mundan dört ýyl ozal hödürlenipdi, emma şu wagta çenli hakyky nusgalarynyň suratlary bilen däl-de, eýsem diňe awtoulagyň kompýuter şekilleri görnüşinde köpçülige görkezilipdi. Öndürijiniň meýilnamalaryna laýyklykda bu model ABŞ-nyň we Kanadanyň, GDA ýurtlarynyň, Ýakyn Gündogar döwletleriniň, Hindistanyň we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň alyjylary üçin elýeterli bolar. Beýan edilen tehniki aýratynlyklaryna görä, Elektron Quasar aňrybaş awtoulagy umumy kuwwaty 2400 at güýji bolan dört sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün ediler. Bu sanlar bilen awtoulag bary-ýogy 1,65 sekuntda 100 km/sag. tizlige ýeter we ol sagatda 450 km barabar bolan iň ýokary tizlikde hereket edip biler.