6/10/2025

43

Haj parzyny ýerine ýetirýän zyýaratçylar Gurban baýramy günlerinde sadaka berdiler

Şu günler Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata giden türkmenistanlylar keramatly Mekge we Medine şäherlerinde bolup, haj parzlaryny ýerine ýetirýärler. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Türkmenistandan baran zyýaratçylar Gurban baýramy günlerinde agzybirlikde sadaka berdiler. Habarda bellenilişi ýaly, gurbanlyk sadakasynda tebärek çykylandan soňra milli tagamlar çekildi, sadaka gatnaşýan adamlara hezzet-hormat edildi. Berlen sadakanyň dowamynda okalan aýat-töwirlerde mukaddes Gurban aýynda berlen sadakalaryň, edilen zyýaratlaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi. Şu ýyl mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde türkmenistanlylaryň 2 müň 844-si yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat edip, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin ugradyldy. Şolaryň 289-sy döwlet tarapyndan, 2 müň 555-si bolsa öz serişdeleriniň hasabyna iberilenlerdir.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy