1/11/2025
43
Great Wall aňrybaş premium awtoulaglarynyň bazaryna çykýar
Great Wall Motor aňrybaş kaşaň segmentinde täze awtoulag brendini bazara çykarmaga taýýarlyk görýär - diýip auto.ru saýty habar berýär. Häzirki wagtda BG iş ady bilen tanalýan awtoulagyň täze kysymynyň bahasy bir million ýuandan başlaýan awtoulaglary öndürjekdir. Täze kysymdaky awtoulaglar üçin 4,0 litr möçberdäki turbinaly V8 esasy hereketlendirijisi ulanylar. Onuň esasynda birnäçe gibrid kuwwat beriji hereketlendirijisini işläp düzmeklik meýilleşdirilýär. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin kompaniýa abraýly ýewropa awtoulag öndürijilerinden tehniki hünärmenleri işe çekmegi maksat edinýär. BG awtoulagyň model hatary superkarlary we sedanlary, şeýle hem hytaý bazarynda adaty meşhur bolan premium krossowerlerini öz içine alar. Täze modelleriň aýratynlygy öňdebaryjy tehnologiýalar, çäkli öndüriş tapgyrlary, giň şahsylaşdyrma mümkinçilikleri we premium bezeg materiallaryny ulanmak bilen üpjün ediler. Kaşaň brendiň döredilmegi kompaniýanyň maliýe görkezijilerini gowulandyrmak üçin strategik ädim hökmünde garalýar. 2024-nji ýylda Great Wall kompaniýasynyň ösüşi 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende pes bolup, pudakdaky bäsdeşleriň ösüş depgininden ep-esli yza galýar.