1/17/2025

95

Türkmenistan BSG-ä goşulmagyň çäklerinde Bütindünýä söwda instituty bilen hyzmatdaşlygy meýilleşdirýär

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wepa Hajyýew bilen Bütindünýä söwda institutynyň başlygy professor Maýkl Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar bilelikdäki işleriň dürli ugurlary barada pikir alyşmak bilen hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilip bilinjek hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini öwrenmäge aýratyn üns berildi. Hyzmatdaşlygy berkitmek üçin gepleşikleriň özara ähmiýeti nygtaldy we gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdirilmegine umyt bildirildi.

7/9/2025

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

7/9/2025

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

7/9/2025

Awazada geçiriljek halkara forumyň çäklerinde dürli sergiler guralar