11/20/2024

8

«GAC» kompaniýasy «GOVE» uçýan awtoulagyny üstünlikli synag etdi

Hytaý awtoulag öndürijisi «GAC» özüniň «GOVE» uçýan awtoulagynyň ilkinji synaglaryny üstünlikli geçirdi we awtoulag şassisinden onuň uçýan kabinasynyň aýrylyşyny görkezdi. Kompaniýa 2026-njy ýyla çenli bu uçýan enjamy täjirçilik ulanyşyna girizmegi meýilleşdirýär. «GAC» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan uçar alty hereketlendiriji we on iki per bilen abzallaşdyrylyp, ol ulagyň ygtybarly göteriji güýjüni üpjün edýär. Öndürijiniň beýan etmegine görä, «GOVE» uçýan ulagynyň dizaýny güýç agregatlarynyň bir böleginiň işden çykan halatynda hem uçuşy howpsuz tamamlamaga mümkinçilik berýär. «GAC» kompaniýasynyň uçýan awtomobilleri boýunça ylmy-barlag we işläp düzüş bölüminiň ýolbaşçysy, doktor Su Çinpeniň sözlerine görä, ilkinji müşderiler 2026-njy ýylda uçuşlary pes beýiklikde başlap bilerler, doly möçberli täjirçilik ulanylyşy bolsa 2029-njy ýyla başlamak meýilleşdirilýär. Köpçülikleýin önümçilige geçilenden soň, uçýan awtoulagyň bahasynyň 140 000 dollardan geçmez diýlip çaklanylýar. Kompaniýanyň bilermenleri uçýan awtomobiller bazarynyň mümkin bolan möçberini 140 milliard dollar diýip çaklaýarlar.

11/21/2024

Türkmen-täjik DIM-ara syýasy geňeşmeler geçirildi

11/20/2024

Türkmenistanly talyp gyz Hytaýda geçirilen ýaş alymlaryň sammitine gatnaşdy

11/20/2024

Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýanyň ÝOM-larynyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar