1/10/2025

80

Lamborghini 2024-nji ýylda satuwlarynyň taryhy rekordyny gazandy

Italiýanyň «Lamborghini» kaşaň awtoulaglary öndürijisi 2024-nji ýylda 10 687 awtoulag satmak bilen, täze taryhy rekordyny goýdy. Kompaniýa bu üstünligi ähli model hatarynda gibrid tehnologiýalara doly geçmek bilen baglanyşdyrýar — diýip, auto.ru saýty habar berýär. Satuwlar öňki ýyl bilen deňeşdirilende 6% ösdi, şol bir wagtyň özünde iň köp ulaglar EMEA (Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika) sebitinde - 4227 sany satyldy. Amerikanyň bazarlarynda 3712 awtoulag, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde bolsa 2748 awtoulag satyldy. Kompaniýa aýratyn üstünligi onuň öňdebaryjy modeli bolan «Revuelto» getirdi, ol eýýäm 2026-njy ýylyň ahyryna çenli, ýagny iki ýyl öňünden satyldy. Täze «Temerario» modeli hem köpçüligiň uly gyzyklanmasyna sebäp boldy. Rekord görkezijilere «Huracan» superkaryndan soňky kysymlar, şol sanda öndürilişi dowam edýän ýörite «Sterrato» we «STJ» modelleri hem goşmaça goşant goşdy. «Lamborghini» kompaniýasy ýolbaşçylygy dünýä bazarynda brendiň orunlaryny mundan beýläk hem berkitmäge ýardam bermeli innowasion tehnologiýalary ösdürmäge maýa goýmak meýillerini tassyklady.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy