8/5/2025

46

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenbaşy şäherine geldi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenbaşy şäherine geldi. «Türkmenhowaýollarynyň» saýtynda habar berilmegine görä, belent mertebeli myhmanyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Özbegistanyň Lideri iki doganlyk halkyň arasyndaky mizemez dostluga mahsus bolan aýratyn mähirlilik we dabaraly ýagdaýda garşylandy. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmagy bu forumyň abraýyny has-da artdyrýar. Bu sapar diňe bir köptaraplaýyn başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin däl, eýsem, iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin hem möhüm ähmiýete eýedir diýlip, habarda bellenilýär.

8/8/2025

Türkmenistan bilen Awstriýa ýük daşamalaryny Ýewropa–Aziýa ugurlary boýunça giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar

8/8/2025

Oguljahan Atabaýewa Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

8/8/2025

R.Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary bilen duşuşdy