
9/2/2025
123
Aşgabatda Görogly köçesiniň durky täzelenen bölegi açyldy
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Görogly köçesiniň Bekrewe köçesi bilen kesişýän ýerinden Taslama köçesine çenli aralygynda alnyp barlan durky täzeleniş işleri tamamlandy. Durky täzelenen ýol 1-nji sentýabrda ulanyşa berildi. Durky täzeleniş döwründe köçe giňeldilip, şäheriň bu sebitindäki ulaglarynyň geçiş ukyby ep-esli ýokarlandyryldy. Taslamanyň çäklerinde täze açylan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ýanynda goşmaça ýerasty geçelge guruldy. Bu geçelge talyplaryň, mugallymlaryň we ýaşaýjylaryň howpsuz hereketini üpjün edýär. Şeýle hem taslama boýunça awtobus duralgalary dolulygyna täzelendi, şeýle-de pyýada geçelgeleri bilen ýol bölegini aýyrýan döwrebap çäk germewleri gurnaldy. Bu çäreler ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Durky täzeleniş işleriň çäklerinde Şehitler metjidiniň awtoulag duralgasy giňeldildi, metjidiň öňünde bolsa gelýänleriň amatly girip-çykmagy üçin goşmaça köçe döredildi. Ýakyn wagtlarda şäheriň bu ýerinde täze Stomatologiýa merkezi açylyp, ulanylyşa berilmegi şäher infrastrukturasynyň bu böleginiň jemgyýetçilik ähmiýetini has-da artdyrar.