
5/15/2025
66
AD Ports Gazagystanyň işewürleri bilen Kuryk portundaky köpugurly terminalyň taslamasyna gatnaşmak barada şertnama baglaşdy
Gazagystanyň maýa goýum kompaniýasy SEMURG INVEST we AD Ports Group Hazar deňziniň kenaryndaky Kuryk portunda geljekki «Sarža» köpugurly terminalynyň gurluşygy we işledilmegi boýunça ylalaşygyň esasy şertleri baradaky şertnama gol çekdiler. Şertnama laýyklykda terminaly taslamak, dolandyrmak, maliýeleşdirmek we işletmek bilen meşgullanjak bilelikdäki kärhananyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Terminal umumy, konteýner we ürgün ýükleri işläp geçirer. 2030-njy ýyla çenli onuň kuwwaty ýylda 10 million tonna ýetmeli. Täze ylalaşyk Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy şeýh Haled bin Muhammad bin Zaýed Al Nahaýanyň Gazagystana bolan resmi saparynyň çäklerinde, jemi bahasy 5 milliard ABŞ-nyň dollary bolan 20-den gowrak şertnamany öz içine alýan toplumyň bir bölegi hökmünde gol çekildi. Ýylyň başynda taraplar eýýäm Kuryk portunda çaklanylýan kuwwaty ýylda 1,5 million tonna bolan däneli terminal gurmak üçin bilelikdäki kärhanany döretdiler. Geçen aýda bolsa Freeseas Container Shipping arap kompaniýasy bilen bilelikdäki gämi kompaniýasy hasaba alyndy. Kompaniýa eýýäm ilkinji gämisini kabul etdi – 2016-njy ýylda gurlan DENIZ gury ýük gämisi indi NASIPKALI MARABAYEV diýlip atlandyryldy. 2027-nji ýyla çenli operatoryň flotuny alty gämä çenli köpeltmek meýilleşdirilýär. AD Ports – Abu-Dabi tarapyndan dolandyrylýan, port, terminal amallaryny, senagat-logistika ýörite ykdysady zolaklaryny, gämiçilik we logistika işlerini öz içine alýan logistika holding kompaniýasydyr. Toparyň birinji çärýekdäki girdejisi 4,5 milliard dirhem (1,25 milliard ABŞ-nyň dollary) bolup, şol sanda port we terminal amallaryndan ýarym milliard dirhem girdeji gazanyldy.