1/15/2025

95

Mercedes-Benz uly isleg bildirilýän S kysymly sedan awtoulaglarynyň täzelenen görnüşiniň synaglaryna girişdi

Mercedes-Benz kompaniýasy Şwesiýada öňdebaryjy S kysymly awtoulagynyň täzelenen görnüşiniň synaglaryna girişdi. Bu awtoulagyň nusgasy hem synag meýdançasynda, şeýle-de köçelerde göze ildi – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Synag nusgalarynyň suratlary awtoulagyň esasy üýtgeşmeleriniň öň we arka tarapynda boljakdygyny görkezýär, sedanyň häsiýetli keşbiniň bolsa öňküligine galjakdygyna şaýatlyk edýär. Mercedes-Benz awtomobiliniň tapgyrlaýyn modelinde ilkinji gezek üç taraply ýyldyz görnüşindäki gündiz ýakylýan çyralary peýda bolar – bu düzüm bölegi öň diňe konsept-kar ulaglarynda ulanylýardy. Awtoulagyň salonynda öňdebaryjy multimediýa ulgamynyň täze nesliniň gurnalmagyna garaşylýar. Ol kämilleşdirilen emeli intellekt tarapyndan goldanylýan ses kömekçisi we has uly ekranlar bilen enjamlaşdyrylar. Çeşmelerden alnan maglumatlara görä, täzelenen öňdebaryjy S kysymly awtoulagyň köpçülige görkezilişi 2025-nji ýylyň ortalarynda meýilleşdirilýär.

6/13/2025

Türkmen wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy

6/13/2025

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagyna gynanç bildirdi

6/12/2025

Gazagystanyň işewürleri Gara deňze çykýar