1/18/2025

28

Aşgabatda Owganystanyň önümleriniň sergisi we işewürler maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 23 – 27-nji fewralynda Aşgabatda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürler maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çärelere goňşy ýurduň haryt öndüriji kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän işewürleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew bu çärelere görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, serginiň we işewürler maslahatynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, Türkmenistanda öndürilýän önümleri Owganystana eksport etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürler maslahatynyň geçirilmeginiň türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutany bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

2/5/2025

1915-nji ýylyň seýrek duş gelýän Cyclone motosikli bu ulaglaryň nyrh rekordyny goýdy

2/5/2025

Türkmenistanyň Etalon merkezi halkara akkreditasiýasyny giňeltdi

2/5/2025

Hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy